Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:13 - Mukaddes Kitap

13 Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шейле адамлар галп ресуллардыр. Олар Месихиң ресулларының кешбине гирйән кеззап ишгәрлердир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:13
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler.


Bir çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn, men seniň gaty özdiýenli adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň.


Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.


Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.


Hatda öz araňyzdan käbir adamlar çykyp, şägirtleri yzyna eýertdirjek bolup, hakykaty ýoýarlar.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Şoňa görä, onuň ülpetleriniň-de dogrulyk hyzmatkärleriniň keşbine girmegi geň zat däldir. Ýöne olaryň soňy eden işlerine görä bolar.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesihiň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Käbir dogansumaklar betpällerine eýerip, sizi bizden aýryp, öz taraplaryna çekmäge jan edýärler. Olar diňe özleri babatda yhlasly bolmagyňyzy isleýärler.


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Men ozal muny size gaýta-gaýta aýdypdym. Indi bolsa aglap, ýene aýdýaryn: Mesihiň haçyna duşman bolup ýaşaýanlar köpdür.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ