Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эйсем мен нәме үчин сизе аграм салмадым? Сизи сөймейәндигим үчинми? Ёк, сизи сөййәндигиме Худай шаятдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:11
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez!


Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir.


Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Men bulary sizi ýazgarmak üçin aýdamok. Sebäbi ozal hem aýdyşym ýaly, ýüreklerimiziň töründe ornuňyz bardyr, biz ýaşasak-da, ölsek-de bile bolarys.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


«Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Ol bilýändir, goý, ysraýyl halky hem bilsin: eger biz Rebbe boýun egmezlik ýa-da dönüklik eden bolsak, siziň bu gün bize rehimiňiz inmesin!


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ