Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:1 - Mukaddes Kitap

1 Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Кәшгә мениң акылсызлыгыма аз-кем гечиримлилик этседиңиз! Вах, гечиримлилик эдйәңиз-ле!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:1
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Pawlus ýaňy söze başlamakçy bolup durka, Galiýo ýahudylara ýüzlenip: «Eý, ýahudylar! Eger dawaňyz bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat hakda bolan bolsady, sizi sabyrlylyk bilen diňlemegi makul bilerdim.


Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik.


Çünki siz akmaklara çydap, olara şeýle geçirimlimişiňiz-ä!


Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik! Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.


Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir.


Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.


Ýeşuwa şeýle diýdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen näme üçin bu halky Iordandan bärik getirdiň? Ýa-da bizi amorlaryň elinde gyrdyrmak üçin getirdiňmi? Biz Iordandan geçmän, öňki ýerimizde galyp ýaşaberen bolsak bolmaýarmydy näme?!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ