9 Ýöne sizi diňe öz hatlarym bilen gorkuzjak bolýarmykam öýtmäň.
9 Йөне сизи диңе өз хатларым билен горкузҗак болярмыкам өйтмәң.
Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.
Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.
Rebbiň bize beren ygtyýary babatda has köpräk öwnäýemde-de, utanmaryn. Sebäbi bu ygtyýar imanyňyzy ýumurmak üçin däl-de, ony berkitmek üçin berlendir.