Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 10:7 - Mukaddes Kitap

7 Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Месе-мәлим гөрнүп дурана середиң-ә! Эгер кимдир бириниң өзүниң Месихе дегишлидиги барада берк ынамы бар болса, гой, шуңа дүшүнсин: биз хем эдил шонуң ялы Месихе дегишлидирис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 10:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.


Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz.


Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr.


Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.


Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih bolsa Hudaýyňkydyr.


Eýsem men azat dälmi näme? Ýa men resul dälmi? Men Rebbimiz Isa Mesihi öz gözüm bilen görmedimmi näme? Eýsem siz meniň Reb üçin çeken zähmetimiň netijesi dälmi?


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Hawa, menem magtanyp göreýin-ä, sebäbi bu dünýäniň adamlary öwünmegi ýerlikli hasaplaýarlar-a!


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.


Sebäbi siz Mesihiň men arkaly gürleýändigini subut edýän delilleri talap edýärsiňiz ahyryn. Mesih siz bilen iş salşanda ejiz däldir, Ol siziň araňyzda güýçlüdir.


Biz ýene-de öňüňizde öwünmekçi bolamzok. Ýöne päk ýürekleri bilen däl-de, daşky görnüşi bilen öwünýänlere jogap berip, biz babatda öwnüp bilmegiňiz üçin size tutaryk berýäris.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.


Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ