Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 10:18 - Mukaddes Kitap

18 Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Чүнки өзүни өзи бейгелдйән дәл-де, Реббиң бейгелдйәни арзылыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 10:18
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.


Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Kim Isa Mesihe şeýle hyzmat edýän bolsa, Hudaýy hoşnut edip, adamlaryň hormatyna mynasypdyr.


Mesihiň sadyk şägirdi Apelä salam aýdyň. Aristobulyň öý-içersine hem salam aýdyň.


Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk!


Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir.


Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi?


Biz ýene-de öňüňizde öwünmekçi bolamzok. Ýöne päk ýürekleri bilen däl-de, daşky görnüşi bilen öwünýänlere jogap berip, biz babatda öwnüp bilmegiňiz üçin size tutaryk berýäris.


Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara,


Hudaýyň huzurynda öz edýäninden utanmajak, hakyky taglymaty dogry öwredýän işçi hökmünde durup bileriň ýaly, jan-tenden yhlas et.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ