Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 10:11 - Mukaddes Kitap

11 Şeýle diýýän adamlar, goý, şuny bilip goýsunlar: biz uzakdakak öz hatlarymyzda nähili bolsak, siziň araňyzdakak hem şolar ýaly bolarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шейле диййән адамлар, гой, шуны билип гойсунлар: биз узакдакак өз хатларымызда нәхили болсак, сизиң араңыздакак хем шолар ялы боларыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 10:11
6 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk!


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ