Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мен, Павлус, хава, араңыздакам юмшак, сизден узакдакам берк хасаплаян шол Павлусыңыз, Иса Месихиң юмшаклыгы ве мәхрибанлыгы билен хайыш эдип,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 10:1
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».


Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy: «Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek, Ol hiç agzyny açmady.


Işaýa hem: «Meni agtarmaýanlar Meni tapdylar, Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim» diýip, Rebbiň sözlerini batyrgaýlyk bilen mälim edýär.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Ýöne şonda-da, size käbir zatlary ýatlatmak üçin, şu hatymyň kä ýerini batyrgaýlyk bilen ýazdym. Çünki Hudaý maňa merhemet edip,


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Men size näme bilen baraýyn? Gamçy bilenmi ýa-da söýgi we ýumşaklyk bilenmi? Siz bularyň haýsyny saýlaýarsyňyz?


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


ýalbarýaryn: size baranymda, meni siziň bilen aýgytly we çürt-kesik gürleşmäge mejbur etmäň. Hawa, men özümizi bu dünýäniň ýörelgelerine görä gezýändir öýdýänler bilen şeýle gürleşip bilýärin. Ýöne özüňiz bilen şeýle gürleşmäge mejbur etmäň.


Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.


Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik! Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin.


Eger magtanmaly bolaýsam-da, öz ejizligim bilen magtanaryn.


Ine, men şeýle adam bilen magtanaryn. Özüm babatda diňe ejizligim bolaýmasa, başga magtanara zadym ýok.


Biz şeýle umydymyz bolany üçin batyrgaýlyk bilen hereket edýäris.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Size biçak ynanýaryn, biçak guwanýaryn! Men şeýle uly teselli tapdym. Muşakgatlarymyz her nähili agyr bolsa-da, begenjimiň çägi ýokdur.


Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.


Gulak goýuň! Ine, men, Pawlus, size şuny diýýärin: eger siz özüňizi sünnetletmäge ýol berseňiz, onda Mesihiň edenleri siziň üçin kör köpükdir.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Men Pawlusdan size salam bolsun. Muny öz elim bilen ýazyp, her hatymy şeýdip tamamlaryn.


Men, Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn: men Onesimiň bergisini bererin. Ýöne sen hem halas bolmagyňa meniň ýardam berendigimi unutma!


ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus,


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ