Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эй, доганлар! Бизиң Азия велаятында башымыза инен күлпетлерден сизиң-де хабарлы болмагыңызы ислейәрис. Бу күлпетлер чекип-чыдардан җуда агырды, биз дири галарыс-да өйтмедик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 1:8
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»


sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi.


Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik.


Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.


Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris;


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ