Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худай әхли мушакгатларымызда бизе теселли берйәр. Биз хем өз гезегимизде хер хили мушакгатлара учран адамлара Худайдан алан теселлимиз аркалы теселли берйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 1:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy,


Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin.


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Hakyky, bularyň bary bize teselli berdi. Siz Titusy begendirip, onuň köňlüne teselli beripsiňiz. Biz onuň begenjini görenimizde, muňa öz begenjimizden-de köp begendik.


Size biçak ynanýaryn, biçak guwanýaryn! Men şeýle uly teselli tapdym. Muşakgatlarymyz her nähili agyr bolsa-da, begenjimiň çägi ýokdur.


Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.


Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


Şonuň üçin ejiz gollara gujur beriň, epilen dyzlara kuwwat beriň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ