Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 1:23 - Mukaddes Kitap

23 Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Мен сизи гынандырмайын дийип, Коринтоса доланып бармадым. Мунуң хакыкатдыгына Худай-да шаятдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 1:23
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan soň Pawlus Afinyny taşlap, Korintosa gitdi.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Men size näme bilen baraýyn? Gamçy bilenmi ýa-da söýgi we ýumşaklyk bilenmi? Siz bularyň haýsyny saýlaýarsyňyz?


şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Hudaý ynamdardyr. Ol biziň aýdanlarymyzyň şol bir wagtyň özünde hem «hawa», hem-de «ýok» däldigine şaýatdyr.


ýalbarýaryn: size baranymda, meni siziň bilen aýgytly we çürt-kesik gürleşmäge mejbur etmäň. Hawa, men özümizi bu dünýäniň ýörelgelerine görä gezýändir öýdýänler bilen şeýle gürleşip bilýärin. Ýöne özüňiz bilen şeýle gürleşmäge mejbur etmäň.


Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez!


Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr.


Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.


Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.


Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi,


Size ýazýanlarymyň bary hakykatdygy babatda men Hudaýyň öňünde güwä geçýärin.


Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr.


Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ