Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 1:22 - Mukaddes Kitap

22 möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 мөхүрләп, буларың кепили хөкмүнде йүрегимизе Мукаддес Рухуны берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 1:22
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Çünki Hudaý bizi baky ýaşaýşa gowuşmagymyz üçin ýaradyp, munuň kepili hökmünde bize Mukaddes Ruhuny berdi.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


«Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!»


Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ