Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ине, биз шуңа буйсанярыс: биз хер кес, ылайта-да сиз бабатда Худайың берен гөвначыклыгы ве пәк йүреклилиги билен херекет эдйәрис. Биз муны ынсан даналыгына дәл-де, Худайың мерхеметине даянып эдйәрис. Муңа бизиң ынсабымыз-да шаятдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 1:12
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.


Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.


«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesihiň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl.


Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.


Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir.


Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň.


Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi?


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär.


Her kim öz edýän hereketlerini derňesin. Her kes özüne düşen ýüki özi götersin. Şonda ol özüni başgalar bilen deňeşdirmezden, özüne guwanyp biler.


Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň.


Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.


Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,


Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ