Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 1:10 - Mukaddes Kitap

10-11 Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10-11 Худай бизи аҗалың пенҗесинден халас этди ве ене-де халас эдер. Бизиң үчин эдйән дога-дилеглериңиз аркалы Онуң бизи ене-де халас этҗекдигине умыт баглаярыс. Шонда көплериң дога-дилегине җогап хөкмүнде бизе берлен мерхемет үчин көп адамлар Худая шүкүр эдерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 1:10
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim.


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi.


Şu sebäpden ýahudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.


Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň.


Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.


Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris;


Çünki biz hemme adamlaryň, ylaýta-da imanlylaryň Halasgäri bolan diri Hudaýa bil baglamak bilen, şol wadanyň hatyrasyna zähmet çekip, yhlas edýäris.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.


Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ