Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Ёханна 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мен яшулудан Худайың сайлап-сечен хорматлы зенанына ве онуң чагаларына догайы салам! Мен сизи чын йүрекден сөййәрин, диңе мен дәл, эйсем, хакыкаты билйәнлериң хеммеси-де сизи сөййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Ёханна 1:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm.


Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi.


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Reb tarapyndan saýlanyp-seçilen imandaky doganym Rufusa we onuň enesine salam aýdyň. Rufusyň enesi maňa-da hut öz ogly ýaly garaýar.


Men olaryň edýän hereketleriniň Hoş Habaryň hakykatyna laýyk däldigini gördüm. Şonda men hemmeleriň öňünde Petrusyň ýüzüne gelip, şeýle diýdim: «Sen ýahudy bolsaň-da, ýahudylar ýaly ýaşamaýarsyň. Sen başga milletler ýaly ýaşaýarsyň. Onsoň sen näme üçin başga milletleri ýahudylar ýaly ýaşamaga mejbur edýärsiň?


Emma Hoş Habaryň hakykaty siziň bilen galsyn diýip, biz bu dogansumaklara bir pursat-da eglişik etmedik.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy?


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir.


Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Siziň ýaly saýlanyp-seçilen Babyldaky ýygnak we doganymyz Mark size salam aýdýar.


Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony hut bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi hiç bir ýalanyň hakykat bilen umumylygy ýokdur.


Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.


Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen uýaňyň çagalary hem size salam ýollaýarlar.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ