Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 6:9 - Mukaddes Kitap

9 Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Баямакчы болянлар болса сынага дүшүп, акмак ве эрбет хөвеслериң торуна чолашяндырлар. Бу хөвеслер олары вейранчылыга ве хеләкчилиге учрадяндыр,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 6:9
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».


Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Nebsine çapýan öýüne alada getirýär, parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.


Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.


Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.


Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.


Öý üstüne öý, ýer üstüne ýer edinýänleriň dat gününe! Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz, ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?


Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär.


Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.


Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler.


Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr.


emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär.


Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».


Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner.


Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.


Mundan başga-da, bu Kanunyň dogry adamlar üçin däl-de, ony bozýanlar we bitabynlar, hudaýsyzlar we günäkärler, adamlary sylamaýanlar we imansyzlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ