Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar.
Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,
Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.