Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Хоҗайынлары иманлы болан гуллар: «Инди биз догандырыс» дийип, өз хоҗайынларына гелеңсизлик этмесинлер, терсине, өңкүден-де ыхласлы хызмат этсинлер. Себәби оларың хоҗайынлары имандакы эзиз доганлары болуп, ягшылык эдйәндирлер. Буларың барыны өврет ве үнде.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 6:2
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz.


Çünki Hudaý olary ezelden saýlap-seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Şoňa görä Reb Isa bolan imanyňyzy we Hudaýyň ähli halkyna bolan söýgiňizi eşidelim bäri, siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükür edip, doga-dileglerimde sizi dilimden düşüremok.


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik.


Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Garry adamlary gödek ýazgarma-da, olara öz ataň kimin garap, sypaýylyk bilen öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly,


Sen bolsa sagdyn taglymata laýyk gelýän zatlary öwret.


Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ