Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Кимде-ким өз доган-гарындашларының, ылайта-да өз машгаласының аладасыны этмейән болса, имандан дәндигидир. Шейле адам имансыздан хем бетердир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:8
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde, Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?»


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?


Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler.


Tersine, dogan dogany bilen kazyýetde dawalaşýar. Munuň üstesine-de, olar muny imansyzlaryň öňünde edýärler!


Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr.


Isa Mesih bilen şeýtanyň arasynda ylalaşyk, heý-de, bolup biljek zatmy? Imanly bilen imansyzyň näme şärikligi bar?


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder.


Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


„Seniň ähli edenleriňi bilýärin. Ine, öňüňde bir gapyny açyp goýdum, ony hiç kim ýapyp bilmez. Güýjüňiň azdygyny hem bilýärin. Ýöne muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymdan dänmediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ