Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar.
Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler. Bu aýallar hemişe öwrenmäge synanyşsalar-da, hakykat bilimine asla ýetip bilmeýärler.
Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.
«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.
Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň». Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy.