Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ялңыз галан дул аял әхли умыдыны Худая баглаяндыр. Худайдан ярдам сорап, гиҗе-гүндиз дилег эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:5
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?“».


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.


Ýokardan ot iberip, süňklerimi köýdürdi; aýagyma duzak gurup, meni arkan agdardy; meni weýran edip, bütin gün tapdan düşürdi.


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Men imanymyz arkaly biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýärin.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Men siziň hysyrdyly aladalardan azat bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbiň göwnünden turjak bolup, Rebbiň işlerini alada edýändir.


Şeýdip, onuň kalby ikä bölünendir. Ärsiz aýal ýa-da durmuşa çykmadyk gyz Rebbiň işleriniň aladasyny edip, özüni jan-tenden Rebbe bagyş edendir. Emma ärli aýal öz äriniň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga-dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň.


Eger imanly aýalyň garyndaşlarynyň arasynda dul galan aýallar bar bolsa, goý, ol şolaryň aladasyny etsin, ýygnaga agram salmasyn. Ýygnak bolsa maddy kömegini mätäçlik çekýän ýalňyz dul aýallara bersin.


Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


Öňki wagtlarda Hudaýa umyt baglap, ýüreklerini päk saklan aýallar hem özlerini şeýle bezeýärdiler, olar ärine tabyndylar.


Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ