Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.
Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.
Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.
Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.
Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.
Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.
Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.
Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.