Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:22 - Mukaddes Kitap

22 Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Кимдир бириниң гүнәсине шәрик болмаз ялы, онуң башына эл гоюп, оны хызмата беллемәге ховлукма. Өзүңи пәк сакла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:22
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen gurbanlyk isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlyklary bersem-de, razy bolmarsyň.


Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Şonuň üçin bu gün size şuny yglan edýärin: men hiç kimiň ganyna jogapkär däldirin.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.


Ýygnagyň hyzmatçylary bellenilmezden öňürti synalsyn. Eger müýnsüz bolup çyksalar, goý, hyzmat edibersinler.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.


Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


Oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ