Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:21 - Mukaddes Kitap

21 Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шу буйруклары берҗай эдениңде, меселәниң аныгына етмән, хич кими язгарма, тарапгөйлик этме. Ине, шуларың барыны Худайың, Иса Месихиң ве сайланан перишделериң өңүнде саңа берк табшырярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:21
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.


Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn.


Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar.


Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.


Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.


Bu haty doganlaryň baryna okap bermegi Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn.


Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:


Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.


Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesihiň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn:


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ