Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:20 - Mukaddes Kitap

20 Günäli çykanlary bolsa köpçüligiň öňünde paş et. Goý, bu beýlekilere hem sapak bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Гүнәли чыканлары болса көпчүлигиң өңүнде паш эт. Гой, бу бейлекилере хем сапак болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:20
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.


Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi.


Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.


Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly pislik etmezler.


Bütin halk muny eşidip gorkar we mundan buýana hyýanatçylyk etmez.


Beýlekiler muny eşidip gorkarlar. Siziň araňyzda gaýdyp, hiç haçan şunuň ýaly jenaýat edilmez.


Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.


Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Bu gaty jaýdar aýdylan sözlerdir. Şonuň üçin-de, sagdyn imanly bolmaklary üçin, olary paş et.


Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ