Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“ diýip jogap berdim.
Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn.
Ýygnaga ýolbaşçy belleniljek adam müýnsüz we aýalyna biwepalyk etmeýän bolmalydyr. Onuň çagalary hem iman edýän, azgynlykda, bitabynlykda aýyplanmaýan bolmalydyr.