Ol ähli hatlarynda şular barada gürrüň açýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirine düşünmek kyndyr. Nadan hem durnuksyz adamlar bu ýazylanlary we beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýmak bilen özleri heläk bolýarlar.
Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.