Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шейле дул аял ил арасында өз ягшы ишлери билен таналмалы: чагаларыны кемала гетирен, мыхмансөер, имандакы доганларына хызмат эден ве мушакгат ичиндәкилере ярдам берен, умуман, элмыдама ягшылык этмәге ымтылян болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:10
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.


Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler.


Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri içeri girdi. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, olaryň öňüne samandyr ot dökdi. Ol Ybraýymyň hyzmatkärine we onuň ýoldaşlaryna aýaklaryny ýuwarlary ýaly suw getirip berdi.


Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi.


Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!


Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».


Eger garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, ol seniň kömegiňe mätäç bolsa, sen oňa araňyzda ýaşaýan gelmişeklere goldaw berşiň ýaly goldaw bermeli.


Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy.


Onsoň Isa aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýaklarymy ýuwmaga suw-da bermediň, emma bu aýal aýaklarymy gözýaşy bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


Eger imanly aýalyň garyndaşlarynyň arasynda dul galan aýallar bar bolsa, goý, ol şolaryň aladasyny etsin, ýygnaga agram salmasyn. Ýygnak bolsa maddy kömegini mätäçlik çekýän ýalňyz dul aýallara bersin.


Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Seniň Isa Mesihe bolan hakyky imanyňy ýatlaýaryn. Ozal mamaň Loýisiň, ejeň Ewnikiniň kalbynda mesgen tutan imanyň indi seniň kalbyňda hem ýaşaýandygyna ynanýaryn.


Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,


Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ