Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Garry adamlary gödek ýazgarma-da, olara öz ataň kimin garap, sypaýylyk bilen öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Гарры адамлары гөдек язгарма-да, олара өз атаң кимин гарап, сыпайылык билен өвүт-үндев бер. Яш йигитлере өз доганларың ялы,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 5:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.


Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar.


Pawlus Militosdan Efese adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrtdy.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.


Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara öz aýal doganlaryň ýaly garap, olara päk ýürekden öwüt-ündew ber.


Gojalara parasatly, hormata mynasyp, özlerine erk edip bilmekleri, iman, söýgi we sabyr-takat babatda sagdyn bolmaklaryny ünde.


Ýaş ýigitlere hem özlerine erk etmegi ünde.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ