Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Hudaýyň halamaýan geplerine we kempir ertekilerine ulaşma-da, gowusy, Hudaýyň ýolunda türgenleş.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Худайың халамаян геплерине ве кемпир эртекилерине улашма-да, говусы, Худайың ёлунда түргенлеш.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 4:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir.


Mundan başga-da, bu Kanunyň dogry adamlar üçin däl-de, ony bozýanlar we bitabynlar, hudaýsyzlar we günäkärler, adamlary sylamaýanlar we imansyzlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,


öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür.


Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa,


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Hudaýa ýaramaýan boş geplerden gaça dur. Sebäbi şeýle geplere ulaşýan adamlar gitdigisaýy Hudaýdan daşlaşýandyrlar.


Boş we samsyk jedellerden gaça dur. Sebäbi dawalaryň şolardan döreýändigini özüň bilýänsiň.


Umuman, Isa Mesihe eýerip, Hudaýyň ýörelgesine laýyklykda ýaşamak isleýänleriň bary yzarlanmalara sezewar bolar.


Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.


Olar hakykata gulak asman, toslamalaryň yzynda selpärler.


Goý, olar ýahudy rowaýatlaryna we hakykaty ret edýänleriň buýruklaryna gulak gabartmasynlar.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Boş çekeleşiklerden, nesil daragtlary we Mukaddes Kanun hakdaky dawa-jenjellerden gaça dur. Sebäbi bular peýdasyz, biderek zatlardyr.


Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ