Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худайың ярадан затларының әхлиси говудыр. Шүкүр билен кабул эдилен хер зат асла рет эдилмели дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 4:4
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.


Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň halal diýen zatlaryna sen haram diýmegin» diýdi.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“ diýip ýazylan haty ýollapdyk».


Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr.


Haýsydyr bir tagam zerarly Hudaýyň işini weýran etmäliň. Hemme zat tämizdir, ýöne doganynyň imanda büdremegine sebäp bolýan zady iýýän adam nädogry edýändir.


Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.


Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.


Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň.


Eger men nahar iýmezden öň Hudaýa şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän naharym üçin ýazgarylýarkam?


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ