Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Çünki biz hemme adamlaryň, ylaýta-da imanlylaryň Halasgäri bolan diri Hudaýa bil baglamak bilen, şol wadanyň hatyrasyna zähmet çekip, yhlas edýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Чүнки биз хемме адамларың, ылайта-да иманлыларың Халасгәри болан дири Худая бил багламак билен, шол ваданың хатырасына зәхмет чекип, ыхлас эдйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 4:10
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.


Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni.


Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy.


Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.


Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


Bu haýyrlydyr, Halasgärimiz Hudaýyň halaýanydyr.


Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir.


Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy.


Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Biz Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberendigini gördük we muňa şaýatlyk edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ