Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Биабрайлыга учрамаз ялы ве иблисиң дузагына дүшмез ялы, ол йыгнагың дашындакы адамларың арасында хем сыланылян болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 3:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Eýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň».


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys.


Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.


Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.


Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.


Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz.


Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr,


akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.


sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ