Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Йыгнагың ёлбашчысы яңы-якында иман гетирениң бири болмалы дәлдир. Ёгса ол текепбирлиге йүз уруп, иблисиң сезевар эдилен җезасына учрамагы ахмал.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 3:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň».


Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi.


Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.


Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,


Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.


Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.


Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.


gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


onda ol hiç zada düşünmeýän tekepbirdir. Ol jedelleşmek we sözleriň manysy barada dawalaşmak keseline ýolugyp, göripligiň, agzalalygyň, töhmetleriň hem-de erbet şübheleriň döremegine sebäp bolýar.


haýyn, göçgünli, gopbamsy bolup, keýpi-sapany Hudaýdan köp söýerler.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ