Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шоңа гөрә-де, йыгнагың ёлбашчысы мүйнсүз, өмрүнде диңе бир гезек өйленен, хер затда өзүне эрк эдип билйән, пәхимли, абрайлы, мыхмансөер, өвретмәге укыплы,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 3:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Ýygnagyň hyzmatçylary öz aýallaryna biwepalyk etmeýän, çagalaryny we öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsunlar.


Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem sylanýan, ikiýüzli däl, şeraba ýykgyn etmeýän, gara nebsine çapmaýan adamlar bolmalydyr.


Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Dul aýal altmyş ýaşdan geçen bolsa, ömründe diňe bir gezek durmuşa çykan bolsa, ýygnak onuň adyny dullar sanawyna ýazsyn.


Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr.


Gojalara parasatly, hormata mynasyp, özlerine erk edip bilmekleri, iman, söýgi we sabyr-takat babatda sagdyn bolmaklaryny ünde.


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ