Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Eý, Timoteos! Men tiz wagtda seniň ýanyňa bararyn umydy bilen şu ündewleri ýazýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эй, Тимотеос! Мен тиз вагтда сениң яныңа барарын умыды билен шу үндевлери язярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 3:14
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Hawa, ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men Pawlus hem bu babatda gaýta-gaýta synanyşdym, ýöne şeýtan bize päsgel berdi.


Oňat hyzmat edýän hyzmatçylar adamlaryň hormatyna mynasyp bolup, Isa Mesihe bolan imanlary barada ynamly gürläp bilýändirler.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Men barýançam, ýygnaga Mukaddes Ýazgylary okamak, öwüt-nesihat etmek we öwretmek bilen meşgul bol.


Ýene bir haýyş: meni myhman alar ýaly bir otagy taýynlap goý, sebäbi Hudaý doga-dilegleriňizi eşidip, meni ýene ýanyňyza gaýtarar diýen umydym bar.


Doganymyz Timoteosyň tussaglykdan boşandygyndan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Ýanyma gelen badyna, sizi görmäge özüm bilen bile ony hem alyp bararyn.


Size aýtmaly zatlarym köp, ýöne olary syýa, kagyz bilen ýazasym gelenok. Muňa derek ýanyňyza baryp, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Şonda şatlygymyz dolup-daşar.


Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ