Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шонуң ялы, йыгнагың хызматчы аяллары хем хорматланян, гыбат этмейән, терсине, өзлерине эрк эдйән ве хер затда ынамдар болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 3:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.


Ýurtdaky mukaddes halka – şu abraýly adamlara ymtylýar kalbym.


Siona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.


Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.


Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.


Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.


Olar dul we talagy berlen aýala öýlenmän, diňe Ysraýyl neslinden bolan boý gyza ýa-da başga ruhanydan dul galan aýala öýlensinler.


Olar lola, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki ruhanylar Hudaýa bagyş edilendir.


Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.


Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.


Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,


Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.


doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,


Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir.


Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.


Hiç kimi ýamanlamasynlar, dawa-jenjelden gaça durup, mylaýym we hemmelere ýumşak bolsunlar.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ