Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.
Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.
Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.
Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.
Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,
Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar.
Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.