Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Парахат ве геп-гүррүңсиз, хер затда Худайың йөрелгесине эерип, эдепли яшап билеримиз ялы, патышалар ве ыгтыярлыларың әхлиси үчин дога-дилег эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 2:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz Ysraýylyň parahat hem wepadar adamlarydyrys. Ysraýyl galalarynyň enesi bolup duran galany näme üçin ýykmak isleýärsiň? Näme üçin Rebbiň beren mirasyny ýok etmek isleýärsiň?»


Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.


Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.


Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.


Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.


Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Oňardygyňyzdan hemmeler bilen parahat ýaşajak boluň.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň.


Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ