Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga-dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шоңа гөрә, эй, Тимотеос, илки билен шулары үндейәрин: хеммелер үчин дога-дилег эдиң, олар үчин Худая ялбарың, Оңа миннетдарлык билдириң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 2:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik.


Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir.


Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.


Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr.


Çünki Hudaýyň hemmeleri halas edýän merhemeti äşgär boldy.


Hiç kimi ýamanlamasynlar, dawa-jenjelden gaça durup, mylaýym we hemmelere ýumşak bolsunlar.


Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ