Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гой, олар гадымы роваятлара, түкениксиз несил шеҗерелерине йыкгын этмесинлер. Булар дава-җенҗеллериң дөремегине себәп болуп, Худайың табшырыгының иман аркалы амала ашырылмагына пәсгел берйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 1:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Öz merhemetini siz ýahudy dällere ýetirmek üçin, Hudaýyň maňa aýratyn tabşyryk berendigini, elbetde, eşidensiňiz.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Hudaýyň halamaýan geplerine we kempir ertekilerine ulaşma-da, gowusy, Hudaýyň ýolunda türgenleş.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür.


Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.


Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer.


Boş we samsyk jedellerden gaça dur. Sebäbi dawalaryň şolardan döreýändigini özüň bilýänsiň.


Olar hakykata gulak asman, toslamalaryň yzynda selpärler.


Hudaýyň guly we Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan dogaýy salam! Hudaý Öz saýlan adamlarynyň iman getirmegi we Onuň ýörelgesine gönükdirýän hakykaty bilmegi üçin meni resullyga belledi.


Goý, olar ýahudy rowaýatlaryna we hakykaty ret edýänleriň buýruklaryna gulak gabartmasynlar.


Boş çekeleşiklerden, nesil daragtlary we Mukaddes Kanun hakdaky dawa-jenjellerden gaça dur. Sebäbi bular peýdasyz, biderek zatlardyr.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ