Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Timoteosa dogaýy salam! Eý, Timoteos, sen öz imanyň arkaly maňa hakyky ogul bolansyň. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy saňa ýar bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Тимотеоса догайы салам! Эй, Тимотеос, сен өз иманың аркалы маңа хакыкы огул болансың. Гой, Атамыз Худайың ве Реббимиз Иса Месихиң мерхемети, рехим-шепагаты, парахатлыгы саңа яр болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 1:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür.


Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Gojalara parasatly, hormata mynasyp, özlerine erk edip bilmekleri, iman, söýgi we sabyr-takat babatda sagdyn bolmaklaryny ünde.


Meniň ýanymdakylaryň ählisi saňa salam aýdýar. Sen hem bizi söýýän imanly doganlarymyzyň baryna salam aýt. Goý, Hudaýyň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Atamyz Hudaýyň we Ogly Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy hakykat we söýgi arkaly bize ýar bolsun!


Meniň üçin perzentlerimiň hakykata eýerip ýaşaýandyklaryny eşitmekden uly şatlyk ýokdur.


Goý, Hudaýyň çäksiz merhemeti, parahatlygy we söýgüsi size ýar bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ