Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Timoteos 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мен озаллар Иса Месихе дил етирип, азар берип, залымлык барыны эдипдим. Йөне мен буларың барыны билмезликден ве имансызлыкдан эденим үчин, маңа рехим эдилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Timoteos 1:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin.


Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


„Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym.


Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,


Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.


Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň. Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi.


Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.


Öýlenmedik ýaşlar babatda Rebden alan buýrugym ýok. Ýöne Rebbiň merhemeti arkaly ynamdar kişi hökmünde maslahat berýärin.


Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Emma Isa Mesih maňa Öz çäksiz rehim-şepagatyny görkezdi. Hawa, Ol maňa rehim etdi we Özüne iman edip, baky ýaşaýşa gowuşjaklaryň ählisi üçin meni mysal hökmünde ulandy.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ