Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.
Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.
Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr.
Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.
Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.
Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.