Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шавул хызматкәрине: «Эгер гитсек, оңа нәме әкидерис? Торбаларымыздакы чөреклерем-ә түкенди. Худайың адамына әкидер ялы бизде хич хили совгат ёк ахырын. Ханы, бизде нәме бар?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 9:7
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Meniň bilen öýe gel-de naharlan. Maňa eden ýagşylygyň üçin men saňa sylag berjek».


Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».


Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi.


Patyşa emeldary Hazaýyla şeýle diýdi: «Ýanyň bilen sowgatlar al-da, Hudaýyň adamyny garşylamaga git. Onsoň onuň üsti bilen Rebden sora: „Men şu hassalykdan sagalarmykam?“».


Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.


Bir gysym arpa we bir döwüm çörek üçin halkymyň arasynda Maňa ysnat getirdiňiz. Ýalana gulak asýan halkyma ýalan sözlemek bilen ölüme laýyk däl janlary öldürdiňiz, ölüme laýyk janlara bolsa ýaşajakdyklaryny yglan etdiňiz“.


Saňa sadaka getirip, öňüňde goýýançam, bu ýerden gitme» diýdi. Ol: «Sen gelýänçäň, garaşaryn» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ