Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ысрайыл яшулуларының: «Бизе хөкүмдарлык эдер ялы патыша белле» диен сөзи Шамувеле ярамады. Шамувел Реббе дилег этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 8:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen».


Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.


Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.


Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?


Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.


Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz».


Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ