Emma olar muňa gulak asmadylar. Manaşa halky şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem köp pis işleri etdiler.
Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».
Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz.
Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.