Ybraýym hem Mäliksadyga ähli alan oljasynyň ondan birini berdi. Mäliksadygyň ady «adalat patyşasy» diýmegi aňladýar. Mundan başga-da, ol «parahatlyk patyşasydyr», sebäbi «Salim» bu «parahatlyk» diýmegi aňladýar.
Jalut aýak çekdi-de, ysraýyl goşunyna tarap şeýle diýip gygyrdy: «Näme üçin nyzama durup, söweşe çykdyňyz? Men piliştli, siz bolsa Şawulyň gullary. Şeýle dälmi? Araňyzdan birini saýlap seçiň, goý, ol meniň ýanyma gelsin.