Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 8:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ол булара шейле дийди: «Сизиң үстүңизден хөкүм сүрҗек патыша огулларыңызы гошунда гуллук этмәге меҗбур эдер: оларың кәбирлери сөвеш арабаларының сүрер, кәбирлери болса шаның сөвеш арабаларың өңүнден ылгар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 8:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady.


Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalaryny, söweş arabaly esgerleri hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady.


Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.


Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.


«Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler.


Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.


Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.


Soňra Şamuwel halka patyşanyň düzgünlerini we kadalaryny düşündirdi. Olary kitaba ýazyp, şol ýerde, Rebbiň huzurynda goýdy. Şondan soň Şamuwel adamlary öýli-öýüne ugratdy.


Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.


Şawul ýanyndaky nökerlerine şeýle diýdi: «Eý, benýaminler – tiredeşlerim, indi gulak asyň. Ýyşaýyň ogly siziň her biriňize meýdanlar, üzümçilikler berermikä, ol sizi müňbaşylar hem ýüzbaşylar edermikä?


Sen indi olara gulak as, ýöne öz üstlerinden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünlerinden olary mazaly habardar et».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ