Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar.
Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.